Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Sankt-Peterburgdaky partlama bilen bagly sud edilýänler gynamalara sezewar edilendiklerini aýdýarlar

2017-nji ýylda Sankt-Peterburgyň metrosynda bolan ýowuz partlama gatnaşygy bolmakda güman edilýän birnäçe tussag häkimiýetleriň özleri bilen, olaryň sözlerine görä, özüni partladan adamyň arasynda ilteşigi gözleýän mahaly, özleriniň türmede gynamalara sezewar edilendigini aýdýar. 


Gynamalar baradaky soňky aýyplamalar 2-nji aprelde 11 sany şübheli sud öňüne çykarylan mahaly peýda boldy. 


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist tussaglaryň biriniň “gizlin türmä” alnyp gidilendigini we ol ýerde elektrik urgysyna we beýleki zorlamalara sezewar edilendigini aýdýar.


Tussaglaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň agzasy Ýana Teplitskaýanyň “Mediazona” habar gullugyna beren maglumatyna görä, Muhamadýusup Ermatow 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde Sankt-Peterburgda tussag edilenden soňra gynamalara sezewar edilendigini aýtdy.


Ermatow we beýleki 10 tussag, Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan janyndan geçeniň bombasy diýlip atlandyrylýan waka şärik bolmakda aýyplanýar. Rus häkimiýetleri özüni partladanyň rus raýatlygyna eýe, Gyrgyzystanda doglan etniki özbek Akbarjon Jalilowdygyny mälim edipdiler.


2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde Russiýanyň iň uly ikinji şäherindäki metro wagonynda bolan partlamada 15 adam ölüpdi we başga-da 67 sanysy ýaralanypdy.


Tussaglaryň ählisi Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň raýatlary bolup, olar harby sudda geçirilen ilkinji sud diňlenişiginde özleriniň günsizdiklerini aýdypdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus