Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum “Talyban” hüjüminden aman galdy

Owganystanyň gapma-garşylykly wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum “Talyban” hüjüminden aman galdy, hüjümde onuň goragçylarynyň biri öldürildi diýip, polisiýa aýdýar.


Regional polisiýanyň sözçüsi Dostumyň awtoulag kerweniniň 30-njy martda, Balh welaýatyndaky Mazary-Şerif şäherinden demirgazyk Owganystandaky Jowuzjan welaýatyna barýan ýolda hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy.


Balh welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad 31-nji martda “Talyban” jeňçileriniň awtoulag kerwenine iki ýerde, Çar Bolakda we soňra Faiz Abad etrabynda hüjüm edendiklerini aýtdy. 


Owgan goşunynyň beýanatynda iki hüjüm wagtynda “Talyban” söweşijileriniň dördüsiniň öldürilendigi, ýedisiniň ýaraly bolandygy aýdylýar.


“Talybanyň” sözçüsi twitterde bu hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny we Dostumyň janpenalarynyň dördüsini öldürendiklerini aýtdy.


Etniki özbek we ozalky uruş serkerdesi Dostum sekiz aý mundan öň, Kabul aeroportunda janyndan geçen bombaçynyň öz garşysyna guran hüjüminden aman galypdy.


Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” jeňçi topary öz üstüne aldy. Şonda Dostum bir ýyldan gowrak Türkiýede bosgunlykda bolup, yzyna gaýdyp gelipdi. Ol öz syýasy garşydaşyny gynamak we zorlamak bilen ilteşiklilikde aýyplanýar. Dostum bu aýyplamalary ret edýär. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus