Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazak polisiýasy ýurduň ençeme şäherinde protestçileri tussag etdi

22-nji martda polisiýa Gasagystanyň paýtagty Astanada, şeýle hem Almaty we Şimkent şeherlerinde hökümetiň ýurduň paýtagtynyň adyny öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew diýip üýtgetmek baradaky kararyna närazylyk bildirip, prostest geçiren onlarça adamy tussag etdi. Bu iş gazak prezidenti özüniň wezipeden çekilýändigini yglan edeninden sanlyja gün soňra bolýar.


Adamlaryň tutulmagy Nowruz mynasybetli geçirilýän baýramçylyga gabat geldi.


Astanada polisiýa işgärleri elleri protest plakatly birnäçe adam bilen çaknyşyp, olary tutup, alyp gitdiler.


Tutulanlaryň arasynda “Current Time” programmasynyň habarçysy Swetlana Gluşkowa-da bar.


Bu programma multimediýa gullugy “Amerikanyň Sesi” (VOA) bilen hyzmatdaşlykda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan rus dilinde alnyp barylýar.


Astanada däp boýunça baýramçylyk eşigini geýnen ýaş erkekler we aýallar Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň daşyny gabap, “bu nowruz, biz barada habar beriň” diýip, olaryň protestçileriň tussag edilmegini surata almagyny bökdemäge synanyşdylar.







Olar şeýle hem Azatlygyň habarçysynyň kamerasyny gazet kagyzy bilen örtüp, tutha-tutlugyň filme düşürilmäge päsgel berdiler.


Almatyda hem birnäçe ýaşlar ýygnanyp, Azatlygyň habarçylaryna tutulan protestçilerden habar taýýarlamaga ýol bermejek boldular.


21-nji martda hem polisiýa Astanada paýtagta “Nursoltan” adynyň dakylmagyna protest bildiren 20 çemesi adamy tussag astyna aldy.


Nazarbaýew ýurda otuz ýyla golaý höküm süreninden soňra 19-njy martda garaşylmadyk ýagdaýda özüniň wezipeden çekilýändigini yglan etdi.


Ýöne ol ömrüniň soňuna çenli Gazagystanyň howpsuzlyk geňeşiniň, şeýle hem häkimiýet başyndaky “Nur-Otan” partiýasynyň başlygy bolup galýar.


20-nji martda ýurduň parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýew wagtlaýyn prezident boldy. Ol 2020-nji ýylyň apreline planlaşdyrylan saýlawa çenli bu wezipede galar.


Parlamentiň iki öýüniň bilelikde geçiren mejlisinde Tokaýew Gazagystanyň paýtagty Astana Nursoltan adynyň dakylmagyny teklip etdi. Bu teklip hem parlament tarapyndan şol bada öňlandy.


21-nji martda prezidentiň metbugat gullugy paýtagtyň täze adynyň başgaça, ýagny “Nur-Sultan” diýip ýazyljakdygyny aýtdy.


Tokaýew ýurduň ähli şeherçeleriniň we uly şäherleriniň esasy köçelerine-de 78 ýaşly Nazarbaýewiň adynyň dakylmagyny teklip etdi.


22-nji martda geçirilen üýşmeleňleri internet üsti bilen gurnan - Gazagystanda gadagan edilen “Demokratik seçgi”hereketiniň başlygy we Nazarbaýew bilen onuň hökümetiniň ýiti tankytçysy bolan, häzir öz islegi boýunça Fransiýada sürgünlikde ýaşaýan Muhtar Ablýazowdyr.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus