Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýakutskda bir zenanyň jynsy taýdan zorlanandygy aýdylandan soň, iş ýerleri ýapyldy, gyrgyzlar daşary çykmaýar

Russiýanyň Saha-Ýakutiýa sebitinde merkezi aziýalylar tarapyndan dolandyrylýan iş ýerleriniň käbirleri ýapyldy, awtobus gatnawlary togtadyldy we regiondaky gyrgyz migrantlaryna hüjümleriň öňüni almak üçin öýden çykmazlyga çagyryş edildi.


Bu waka Ýakutskyň polisiýanyň bir aýaly jynsy taýdan zorlanyň gyrgyzystanly adamdygyny yglan etmeginiň yzýany, iki gün bäri demonstrasiýalaryň geçirilýän mahalyna gabat geldi.


19-njy martda Moskwanyň 4900 kilometr gündogarynda ýerleşýän şäherde dartgynlylyk ýokary derejede bolup, mundan bir gün ozal ortaça 5 müň adam stadionda ýöriş geçiripdi.


Olaryň aglabasy jynsy zorluga sezewar edilendigi aýdylýan aýal üçin “adalaty” talap edip, Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalaryndan migrasiýa garşy berk çäklendirmeleri girizmäge çagyryş etdi.


Özüni Jyldyz diýip tanyşdyran gyrgyzystanly zenan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, özüniň we merkezi aziýaly başga-da birnäçe kärdeşiniň Stoliçnyý bazaryndaky işine gitmändigini, sebäbi özleriniň ýowuzlykdan gorkýandyklaryny gürrüň berdi.


“Bazardaky işçileriň 80 prosenti gyrgyzlar bolup, bu ýerde “Gyrgyzystan” atly kafe hem bar. Biz ýakutlylaryň merkezi aziýalylaryň eýeçiligindäki iş ýerlerine reýd geçirip başlandygy baradaky gürrüňler sosial mediada ýaýrandan soňra öz iş ýerimizi ýapdyk. Biz daşary çykmaga gorkýarys” diýip, Jyldyz telefon arkaly beren maglumatynda aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus