Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze Zelandiýadaky “terror hüjüminde” 49 adam öldürildi

Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç (Christchurch) şäherindäki iki metjide amala aşyrylan hüjümde 49 adam öldürildi, başga-da 20-si ýaralandy.


Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Ýasinda Ardern (Jacinda Ardern) bulary “terroristik hüjüm” diýip atlandyrdy.


“Muny diňe terroristik hüjümi hökmünde häsiýetlendirip bolar” diýip, Ardern aýtdy.


Premýer-ministr ýurtda iň ýokarky hüşgärlik derejesiniň yglan edilendigini, şeýle-de dört adamyň, üç erkek kişi bilen bir aýalyň tussaghana ýerleşdirilendigini mälim etdi.


Polisiýa resmisi Maýk Buş (Mike Bush) iki metjide amala aşyrylan hüjümde 49 adamyň öldürilendigini, başga-da 20-siniň ýaralanandygyny aýtdy. Ol 20 ýaşlarynyň aýagyndaky bir şahsyýete adam öldürmek aýyplamasynyň bildirilendigini hem belledi.


Al Noor metjidinde bolandygyny aýdýan bir adam hüjümçiniň sary saçly ak adamdygyny, şeýle-de onuň kaskaly we oklardan goraýan keltekçeli bolandygyny gürrüň berdi.


Hüjümçi adamlaryň namaza duran pursady metjide kürsäp girdi.


“Onuň uly ýaragy bardy... ol gelip, metjitdäki ähli kişini oka tutup başlady” diýip, Ahmad Al-Mahmoud atly adam gürrüň berdi. Ol beýlekiler bilen birlikde aýna gapylary döwüp, metjitden gaçyp çykandyklaryny hem sözüne goşdy.


Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison tutulanlaryň birini awstraliýanyň raýatydygyny tassyklady.


Hüjümi amala aşyrandygyny aýdýan şahsyýet özüniň 28 ýaşly ak awstraliýalydygyny, şeýle-de Täze Zelandiýa diň hüjümi gurnamak we amala aşyrmak üçin gelendigini aýtdy.


Polisiýa Täze Zelandiýadaky ähli metjitlere gapylaryny ýapmak barada görkezmäniň berlendigini aýtdy.


Ardern çykyşlarynyň birinde hüjümleri “Täze Zelandiýanyň iň gara günleri” diýip atlandyrdy.


“Bu ýerde akla sygmajak, görlüp-eşidilmedik gazaplylyk bolup geçdi” diýip, Ardern belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus