ABŞ Eýranda adam hukuklaryny goraýjy Nasrin Sotoudeh babatynda girizilen täze türme möhletini "mümkin bolan iň berk sözlerde" ýazgardy.
"Eýranyň režiminiň Sotoudehi 38 ýyla we 148 urga höküm edendigi baradaky habarlary eşidip, biz gahar-gazaba mündük" diýip, Döwlet departamentiniň resmi wekili Robert Palladino 12-nji martda aýtdy.
"Bu höküm aňryçäk derejede wagşyçylykly" diýip, Palladino belledi.
Şol bir wagtyň özünde-de, BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Jawaid Rehman Eýranyň hökümetini adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere, aklawçylara we zähmetkeşleriň hukuklaryny goraýjylara garşy "repressiýalaryny" güýçlendirmekde aýyplady.
Eýýäm baş ýyllyk türme möhletini başdan geçirýän Sotoudehyň goşmaça 10 ýyllyk tussaglyga höküm edilendigini onuň adamsy habar berdi.
Reza Handanyň 12-nji martda AFP habar agentligine aýtmagyna görä, 10 ýyllyk täze möhlet oňa jemi 33 ýyllyk tussaglyk hakynda ýedi gezek çykarylan möhletleriň iň uzagydyr. Bu habar Sotoudehe türmede ýetirildi.
Adam hukuklaryny goraýjylar iki sany suduň çykaran jemi 38 ýyllyk kararlaryny "iňňän adalatsyz" diýip atlandyrdylar.
Emma Handan "möhletleriň diňe iň ulusynyň [we soňkusynyň] ýerine ýetiriljegini" aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şeýle-de Sotoudeh suda baş örtgüsiz barmagy we beýleki hereketleri üçin 148 sany urga höküm edilipdir.
Handanyň sözlerine görä, aklawçy Nasrin Sotoudeh "korrupsiýany we azgynçylygy" höweslendirmekde, sistema garşy çykmakda we propaganda etmekde" we "jemgyýetiň tertip-düzgünini bozmakda" günäli hasaplanypdyr.
Şu hepdäniň başynda Tähranyň Rewolýusion gwardiýasynyň sudy Sotoudehiň "sistema garşy dil düwüşendigi" üçin bäş ýyl we baş lider Aýatolla Ali Hameneini "kemsitmegi" üçin iki ýyl tussaglyga höküm edilýändigini yglan edipdi.
2012-nji ýylda Ýewropa Parlamentiniň pikir azatlygy boýunça Saharow baýragyna eýe bolan Sotoudeh 2018-nji ýylyň iýun aýynda tussag edilipdi we oňa garşy 2016-njy ýylda gaýybana çykarylan bäş ýyllyk türme möhletini berjaý etmäge höküm edilipdi.
Aklawçy 2018-nji ýylda ýurduň yslam dress-koduna protest bildirip, köpçülikde baş örtgüsini çykarandygy üçin tussag edilen ençeme zenany gorap çykyş etdi.
Eýranyň hökümetiniň berk tankytçysy Sodoudeh 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmadinejadyň gaýtadan saýlanmagyna garşylyk bildiren protestçileri goramagynyň yzýany howpsuzlyk bilen baglylykda çykarylan höküm boýunça üç ýylyny türmede geçiripdi.
Nasrin Sotoudeh özüne bildirilýän günäleri ret edýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi wekili Robert Palladino 12-nji martda Waşingtonda eden çykyşynda Sotoudehiň "adam hukuklaryny depelemekde aýyplanýan sudýa Moghisehyň ýolbaşçylygynda öz ýakasyny tanadan rewolýusion sud tarapyndan adalatsyz" gaýybana sud edilendigini belledi.
Palladino ABŞ-nyň "ähli partnýorlaryny we ýaranlaryny çykyş etmäge hem batyrgaý adam hukuklaryny goraýjyny hem eden-etdilikli tussag edilenleri dessine boşatmagy talap etmäge çagyrýandygyny aýtdy.