Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Efiopiýanyň ýolagçy uçary heläkçilige uçranyndan soň, Boeing täze soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Efiopiýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we onuň bortundaky 157 adamyň ölmegi “Boeing 737 MAX 8” uçarynyň howpsuzlygy baradaky täze soraglary gozgady.


Bu alty aýdan hem az wagtyň dowamynda şol bir nusgadaky uçaryň heläkçilige uçramagy bilen bagly ýüze çykan ikinji hadysadyr. Geçen ýylyň oktýabrynda “Lion Air” howaýollary kompaniýasyna degişli uçar Indoneziýanyň kenarynda okeana gaçypdy. Şonda uçardaky ýolagçylaryň 189 sanysy heläk bolupdy.


Muňa jogap edip, Efipoiýanyň we Hytaýyň howaýollary kompaniýalary özleriniň “Boeing 737 MAX 8” kysymly uçarlaryny ulanyşdan aýrypdy.


Birleşen Ştatlaryň agzalýan uçary öndürýän kompaniýasy tehniki kömegi bermek üçin özüniň ýörite topary ugradandygyny aýtdy.


Efiopiýanyň howaýollary kompaniýasynyň beren maglumatyna görä, Kenýanyň paýtagty Nairobä uçuşy amala aşyran uçar Addis Ababadan howa galanyndan tiz wagtdan soň, 50 kilometr uzaklykdaky Efiopiýanyň Bişoftu şäheriniň golaýynda ýere gaçypdyr.


Pilot kynçylyklaryň bardygyny aýdyp, Efiopiýanyň paýtagtyna dolanmagy sorady diýip, howaýollary kompaniýasy aýtdy.


Heläkçiligiň bolan wagty, uçaryň bortunda 30-dan gowrak ýurtdan ýolagçylar, şol sanda 32 kenýaly, 18 kanadaly, ýedi britaniýaly, bäş germaniýaly, üç orsýetli we bir serbiýaly raýat bardy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus