Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Körpe gyzlara ýaşlykdan prezidentiň pul sowgadyny maňlaýyna sylmagy öwredýärler.WIDEO

Türkmenistanda aýal-gyzlara prezidentiň pul sowgadyny gowşurmak dabaralary geçirilýär. Prezidentiň adyndan halkara aýallar güni sebäpli paýlanýan puluň möçberi şu ýyl 60 manada barabar. 


Pul sowgadyny gowşurmak barada prezidentiň tabşyrygy 4-nji martda paýtagtyň we welaýatlaryň häkimiýetlerine berildi.


Prezidentiň aýal-gyzlara pul sowgadyny gowşurmak çäreleri we aýal-gyzlaryň alan sowgatlaryny ýüzüne we maňlaýyna sylyp, bildirýän minnetdarlygy döwlet telewideniýesi arkaly köpçülige görkezilýär. 


Bu gezek ozalky ýyllardan gelýän bu däbiň berjaý edilmegine ýurduň kiçi ýaşly körpeleri hem çekildi. Muny ýene-de döwlet telewideniýesi görkezdi.  


 




8-nji martyň öňüsyrasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan işleýän, okaýan aýal-gyzlara we çagalar bagyna gatnaýan gyz çagalara sowgat gowşurmak däbi 2011-nji ýyldan bäri dowam etdirilýär. Üstesine, prezidentiň pul sowgady pensiýany we döwletden pul kömegini alýan zenanlara berilýär. 


Sowgadyň möçberi mundan öň 40 manatdy.


Häkimiýetleriň pul gowşurmagy prezidentiň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran kararynyň esasynda düzgünleşdirilýär. Oňa laýyklykda, 16 ýaşyna ýetmediklere niýetlenen pul olaryň ene-atalaryna, olaryň pasportlarynyň nusgasyny alyp, ýörite sanawa gol çekdirip gowşurýarlar.    







Azatlyk bilen söhbetdeş bolan çagalaryň ene-atalarynyň we mugallymlaryň sözlerine görä, dabaralarda gowşurylýan we çagalaryň ýüzüne sylýan bukjalary boş bolýar. 


​"Çagajyklaryň maňlaýyna sylýan bukjalarynyň içi boş, sebäbi puly olaryň ene-atalaryna gowşurýarlar. Indi bolsa üç ýaşly körpeler hem olary ýüzüne sylmaly edildi, bu zatlary-da telewizordan görkezýärler. Elbetde ýaş çagalar özlerine et diýleni ederler, olar nämä düşünýär? Emma olara muny etdirmek nämä gerek?" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.


Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biriniň pikirine görä, prezidente minnetdarlygy beýan etmegiň köpçüligiň öňündäki şeýle kemsidiji görnüşiniň döwlet derejesinde mahabatlandyrylmagy syýasatyň adamyň ykbalyna ýaşlykdan aralaşýandygyny görkezýär. 


​"Häkimiýetler adamyň ykbalyna aralaşýar. Şeýdip, ruhy göýdüklik we el garamak endigi ornaşdyrylýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.




Türkmenistanda zenanlara we çagalara pul paýlamak däbi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň goly astynda döräpdi. Ol 1990-njy ýyllarda aýallar baýramçylygyny martyň aýagyna geçirip, ony Nowruz baýramy bilen birleşdiripdi. Ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda baýramçylygy 8-nji marta geçirdi.   


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 



   

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus