Türkmenabat şäheriniň halkara aeroportunyň işe girizilenine bir ýyl doldy. Türkmen metbugaty ýyllyk planyň artykmaçlygy bilen dolandygyny we senäniň beýik üstünlikler bilen tapawutlanandygyny buýsanç bilen habar berýärkä, bu aeroportyň halkara statusyna garamazdan ol diňe içerki reýsler üçin ulanylýar.
Her sagatda 500 ýolagçyny geçirmek ukyby bilen Türkmenistanyň günbatar welaýaty Lebapda gurlan halkara aeroporty 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda prezidentiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.
Türkmen metbugatyna görä, geçen ýylyň dowamynda halkara aeroportundan 213 müň adamy ugratmak göz öňünde tutulan bolsa, iş ýüzünde bu görkeziji 250 müňden aşypdyr. Poçtany we ýükleri daşamak boýunça plan 175%-den aşyrylyp dolupdyr. 2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň görkezijileri hem ösüşiň oňyn depgini barada habar beripdir.
Binasy äpet ýyldyzyň şekilinde gurlan aeroport, görnüşiniň özboluşlylygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şol bir wagtda-da, aeroportyň uçarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge ukybyna garamazdan, häzirki wagtda bu ýerden uçarlar diňe Aşgabada, Türkmenbaşa we Daşoguza gatnaýar.
Türkmenabadyň aeroporty Türkmenistanda soňky ýyllarda gurulan üçünji halkara aeroportydyr. Beýleki halkara aeroportlary Aşgabatda we Türkmenbaşyda ýerleşýär.
2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabatda açylan halkara aeroporty dünýäniň iň gymmat aeroportlarynyň biri boldy. Onuň gurluşygyna döwletiň hasabyna 2.3 milliard amerikan dollary möçberinde pul harçlandy.
Türkmenbaşy şäherinden uçarlar diňe ýurduň içinde hereket edýär, ozalky ýyllarda bu ýerden uçarlar Stambula gatnaýardy.
Türkmen metbugatynda 26-njy fewralda çap bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenabatdan Hytaýa, Türkiýä we beýleki ýurtlara halkara reýsleriniň ýola goýulmagyna degişli "meseläniň işlenilýändigi" aýdylýar.
Azatlyk Radiosy habar berilýän bu planlar barada jikme-jik maglumatlary, şol sanda wagt möhletini "Türkmenhowaýollaryndan" anyklap bilmedi.
Häzirki wagtda Türkmenistandan daşary ýurtlara uçarlar diňe Aşgabatdan gatnaýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň milli howa kompaniýasy "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlaryna, olaryň halkara standartlaryna gabat gelmeýändigi sebäpli Ýewropa ýurtlaryna gatnamak gadagan edildi. Türkmen tarapy halkara talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” kompaniýasyndan ýardam sorady.
Şeýle-de, häzirki wagtda "Türkmenhowaýollary" howa gatnawyna degişli hyzmatdaşlyk barada Türkiýe bilen gepleşik geçirýär. 27-nji fewralda Aşgabatda türkmen resmileri Türkiýäniň Transport ministrliginiň graždan awiasiýasy boýunça edarasynyň resmi topary bilen gepleşik geçirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.