Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidentiniň gurmagy tabşyran weterinar klinikasy üçin 220 müň manat toplanypdyr

Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy boýunça guruljak weterinar klinikasy üçin sekiz günde eýýäm ilatdan 220 müň manat möçberinde pul toplanypdyr.


"26-njy fewralda hasaba eýýäm 220 müň 105 manat toplandy, şeýdip, jemgyýet asylly başlangyçlary goldaýar" diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berdi.


Ilatdan pul toplamak işini ýurduň täsirli Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň banky amala aşyrýar. 19-njy fewralda "Rysgal" banky ýörite hasap açýandygy barada bildiriş çap etdi. "Ýurdumyzyň ähli telekeçilerini we raýatlaryny bu haýyrly işe goşulmaga çagyrýarys" diýlip, bildirişde aýdyldy. 


16-njy fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öýsüz haýwanlar üçin "ýörite merkezleşdirilen klinikany" we onuň ýanynda penahanany döretmek görkezmesini berdi. Türkmen prezidenti bu planlaryň durmuşa geçirilmeginiň "ruhy we ahlak taýdan" ähmiýetli boljagyna garaşýar.


"Rysgal" bankynyň prezidentiň görkezmesi boýunça guruljak weterinar klinikasyna ilatdan pul toplaýarka, döwlet metbugaty hassahananyň döwletiň hasabyna guruljagyny habar berýär. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus