Tramp Pakistan-Hindistan gapma-garşylygynyň “örän howpludygyny” duýdurýar
"Bu iki ýurduň arasyndaky örän howply ýagdaý, biz munuň bes edilmegini isleýäris” diýip, Tramp 22-nji fewralda aýtdy. “Edil häzir bu bolan zat sebäpli Hindistan bilen Pakistanyň arasynda bir topar problema bar” diýip, ol ýumurtga şekilli kabinetde žurnalistlere aýtdy.
"Hindistan haýsam bolsa bir örän berk çäre gözleýär. Hindistan ýap-ýaňy edilen hüjümde tas 50 adamsyny ýitirdi. Onsoň men muňa-da düşünýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hindistan 14-nji fewralda Hindistan tarapynda dolandyrylýan Kaşmirde 40-dan gowrak esgeriň ölümine getiren hüjümde Pakistany günäledi we öz goňşusyna “eňek döwüji gaýtawul” berjekdigini duýdurdy. Yslamabat bü hüjüme galtaşygyny ret etdi we Nýu-Delä, eger özüne hüjüm edilse, berk ar alyş çäresini görjegini duýdurdy.
Hindi goşunlaryna edilen hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanda ýerleşýän Jaýişe-Mohammad jeňçi topary öz üstüne aldy.