Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan “deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy)” düzgünlerini kämilleşdirýär

Türkmenistanda “Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky” kararyň taslamasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi diýip, TDH habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda hem-de deňiz flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak we ýükler daşalanda ulag hyzmatyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. 


Bu habar Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça eksport edýän nebitiniň möçberiniň iki düýpli azalandygy baradaky maglumatyň çykan wagtyna gabat geldi.


"Türkmenistanyň Hronikasy" saýtynyň “Roýters” habar gullugynyň maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan ýanwaryň aýagynda Hazardaky nebit eksportynyň ugruny üýtgetdi we täjirini täzeledi.


Ozal nebit eksporty Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň gatnaşmagynda, Bakuwyň üstünden amala aşyrylan bolsa, indi türkmen tarapy Şweýsariýanyň “Vitol” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp, nebitini Mahaçgalanyň üsti bilen eksport edýär.


Bu ýagdaý türkmen nebit eksportynyň ýarpy azalmagyna getirdi, muňa “Vitol” we SOCAR kompaniýalarynyň arasyndaky gapma-garşylyk, şweýsar kompaniýasynyň ýeterlik gämisiniň bolmazlygy we azerbaýjan kompaniýasynyň öz gämilerini kireýine bermekden boýun gaçyrmagy sebäp boldy diýip, “Roýters” habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, eksport möçberiniň azalandygyna garamazdan, Italiýanyň “Eni” kompaniýasy nebit çykarmasyny azaltmady we Türkmenistan öz ammarlaryny eýýäm doldurdy.


Bu ýagdaýyň Aşgabady nebit öndürmegi kemeltmek töwekgelliginiň öňünde goýýandygy bellenilýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus