Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan 2019-njy ýylda 3 mln düýp saýaly, pürli, miweli bag eker

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda 2019-njy ýylda paýtagtda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek hakyndaky karara gol çekdi.


Türkmenistanda geçen ýyl we ondan öňki ýyllarda hem millionlarça agaç nahallarynyň oturdylandygy, şol bir wagtda ekilen baglaryň müňlerçesiniň suwsuz guradylandygy habar berilýär. 


Bu ýyldaky bag ekmek karary ýurtda döwlet harajatlartyny azaltmak üçin dürli tygşytlaýyş çäreleriniň görülýän, iş orunlarynyň gysgaldylýan, şol bir wagtda prezident tarapyndan ýeralma ýaly azyk önümleriniň köp ekilmegi barada tabşyryk berilýän wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.


Türkmen mediasy bu tabşyrykdan soň ýurduň telekeçileriniň ýeralma ekişini görkezýän reportaž taýýarlardy.


Şu aralykda Gyrgyzystan Türkmenistana ýeralma eksport etmäge başlady. 


24.kg saýtynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystan Türkmenistana we Gazagystana ýeralma ibermek hakynda şertnama gol çekdi.


“Ak-Suu fermerleri eýýäm Türkmenistana ýeralma ibermäge başladylar” diýip, Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekili Anarkul Bekkulyýewa aýtdy.


Gyrgyzystanda 2018-nji ýylda 1 million 446 müň tonna ýerlama öndürilendigini habar berilýär. Ýurduň içerki zerurlyklary üçin bolsa, 700 müň tonna golaý ýeralma ýeterlik bolýar diýip, habarda aýdylýar.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus