Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi “Amerika ölüm” şygarynyň amerikan halkyna däl-de, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampa we kararlary kabul edýän beýleki amerikan şahsyýetlerine gönükdirilendigini aýtdy.
“‘Amerika ölüm’ şygary Trampa, [Milli howpsuzluk boýunça maslahatçy] John Boltona we [döwlet sekretary Mike] Pompeo ölüm diýmegi aňladýar. Bu Amerikany dolandyryjylara ölüm diýmegi aňladýar” diýip, Hameneýi 8-nji fewralda aýtdy.
Ol bu barada 1979-njy ýyldaky rewolýusiýanyň 40 ýyllygyny belleýän Eýranyň Harby howa güýçleriniň ofiserleriniň ýygnagynda çykyş etdi.
Bu şygar Eýranyň döwlet guramaçylygyndaky ýörişlerinde, çärelerinde, şol sanda juma namazy bilen bagly geçirilýän doga-dileglerde yzygiderli seslendirilýär.
“Bu şol ýurdy dolandyrýan birnäçe adama ölüm diýmegi aňladýar. Biziň amerikan halkyna hiç hili garşylygymyz ýok” diýip, Hameneýi aýtdy.