Türkiýede ABŞ konsullygyny ok tutmakda güman edilýän aýal tussag edildi
2015-nji ýylyň awgustynda bolan hüjümde iki aýal konsulhanany oka tutdy. Olaryň biri şol wagt tussag edildi, emma beýlekisi – Kiliç gaçyp gutuldy. Onuň gizlenýän ýeri barada maglumat berene 1.5 million lira ($290,000) möçberinde baýrak goýuldy.
Şol wagt bu hüjümiň arkasynda ABŞ we Türkiýe tarapyndan terrorçy gurama hasaplanylýan toparyň - Rewolýision Halk azat ediş goşuny-Front (DHKP-C) diýilýäniň durandygy aýdyldy.
Bu topar ABŞ Ýakyn Gündogaryň we dünýäniň “ganym duşmany” diýýär.