Belgradda we beýleki serb şäherlerinde protestçiler prezidentiň işden çekilmegini talap edýärler
Protestçiler #5millionyňbiri (#1of5million) şygary bilen çykdylar, bu şygar öten agşam, Wuçiç demonastarsiýaçylaryň talaplaryny alga alman, “eger ol ýerde siziň 5 millonyňyz bolsa-da, men size baş egmerin” diýeninden soň döredildi.
Belgraddaky demonstrasiýalara paýtagtdaky uniwersitetiň studentleri hem goşuldylar, olar öz student ýoldaşlaryny hem proteste goşulmaga, bilim ministri Mladen Sarsewiçiň bolsa işden çekilmegine çagyrdylar.
Sarçewiz bir hepde ozal Wuçiçe garşy hereketi goldan uniwersitet professorlaryny “ujypsyz” diýip häsiýetlendirdi.