Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilikedýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi.
M.Meredow mejlisde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Onuň tassyklamagyna görä,“nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1%, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,3%, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9%, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7% berjaý edildi”.
Şeýle-de hasabatda, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 100,5 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1 göterime deň bolandygy bellenildi.
Emma Berdimuhamedow orunbasaryny “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezlikde, gözegçilik edýän toplumynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmezlikde” aýyplady.
Meredowa geçen ýylyň dekabr we sentýabr aýlarynda hem, wezipe borçlaryny talaba alýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin diýip, iki käýinç yglan edildi.
Emma muňa garamazdan, Meredowa bu ýyl öz gözegçilik edýän pudagynyň daşyndan Lebap welaýaty boýunça jogapkär wezipesi hem berildi.