Facebook Eýran bilen ilteşikli 800-e golaý “galp” hasaplary öçürdi
Dünýäniň iň iri sosial tory “betniýetli hasaplara çalym edýän” sahypalary anyklamak üçin Twitter bilen ýakyndan işleşendigini hem belledi.
Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysynyň beren maglumatyna görä, bu sahypalaryň eýeleri dünýäniň dürli ýurtlarynda, hamana, şol döwletleriň raýatlary hökmünde hasaba durup, Eýranyň bähbitlerini ilerledipdirler.
“Biz dowamly ýagdaýda şular ýaly hereketleri anyklamak we olaryň öňüni almak ugrunda iş alyp barýarys. Biz öz hyzmatlarymyzyň adamlara täsir ýetirmek üçin ulanylmagyny islemeýäris” diýip, Nathaniel Gleişer (Nathaniel Gleicher) beýanatynda belledi.