Fillippinleriň günortadaky Jola adasynda guralan ybadathana çäresi mahalynda partladylan iki bomba azyndan 21 adamy öldürdi, 71 adamy bolsa ýaralady diýip, polisiýa we goşun resmileri aýtdylar.
Regionyň harby sözçüsi Gerry Besana 27-nji ýanwarda paýtagt Manilanyň müň kilometr günortasynda ýerleşýän Jolo şäherinde bolan partlamalaryň ilkinjisiniň dini çäre mahalynda we ybadathananyň içindebolandygyny aýtdy.
Ikinji partlama ybadathananyň daşynda, howpsuzlyk güýçleri başky partlama sebäpli herekete giren wagtynda, maşyn goýulýan ýerde boldy diýip, Besana aýtdy.
Bu hüjümleriň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Jolo adasy “Abu Saýýab” jeňçilerinden görülýän zorluk-sütemlerden uazak wagt bäri ejir çekýär. Birleşen Ştatlar we Flippinler bu guramany terror guramasy diýip atlandyrýar.