Tanymal ukrain aktýory we geljekki prezidentlige kandidat Orsýetde birnäçe tomaşa biznesi bilen ilteşikli görünýär, ýogsam bolmasa ol bu ýurtda dowam edýän bähbitleriniň ählisini ret edýär.
Geçen aýda prezidentlige dalaş etmek niýetini yglan eden Wolodymyr Zelenski, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy bilen Ukrainanyň UA telewizion kanalaynyň bilelikdäk “Shemalar” proýektiniň habar bermegine görä, Orsýetde üç sany film we telewideniýe kompaniýasy bilen ilteşikli.
Bu üç kompaniýa -- Vaisberg Pictures, Platinum filmleri we Gök Filmler – 2014-2017-nji ýyllar aralygynda $13 million çemesi pul ýasady.
Olar Kiprde hasaba alnan, şol bir wagtda “Kuarter 95” tomaşa firmasynyň hem egindeş esaslandyryjysy bolman “Green Family LTD” tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Zelenskiý geçen aý ukrain mediasyna Moskwa 2014-nji ýylda Ukrainadan Krymy anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky separatistlere meçew berenden soň, özüniň Orsýetdäki bizneslerini ýapandygyny aýtdy.