Owgan prezidenti “Talyban” bilen gepleşiklerde berýän kömegi üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi
Mundan öň, Owganystanyň goňşy Pakistan bilen gatnaşyklary ýygy-ýygydan dartgynlaşyp, Kabul Yslamabady “Talybana” hemaýat bermekde dowamly aýyplap gelýärdi.
Pakistan resmileri bu aýyplamalary ret edip, Yslamabadyň Owganystandaky durnuklylygyň tarapynda çykyş edýändigini belleýärler.
Şu hepde “Talybanyň” wekilleri Yslamabadyň jeňçi toparynyň ýokary derejeli liderini tussag edip, olaryň owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin basyş edýändigini aýdypdylar.
Bu aralykda, ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad Kabulda prezident Ghani we beýleki owgan resmileri bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Pakistana ugrady.