Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň paýtagtyna güýçli şemal golaýlaýar

Türkmenistanyň paýtagtyna güýçi şemal golaýlaýar, Hazar deňzinde güýçli ştorm emele geldi diýip, 17-nji ýanwarda öýlän Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýtdy. 


"Tupan golaýlaýar, bu barada duýduryş geldi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, howanyň ýaramazlaşmagy baradaky duýduryş ilat arasynda telefon we sosial ulgamlary arkaly ýaýraýar.


Emma döwlet edaralaryna we hususy kärhanalaryna duýduryşlar häkimiýetler tarapyndan edildi.


"Ähli döwlet edaralaryna we guramalaryna ştorm baradaky duýduryş berildi. Güýçli şemalyň boljagy, eýýäm Çelekende beýikligi 6-9 metrlik güýçli tolkunlaryň emele gelendigini habar berildi" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, Aşgabatda telewizion antennalary aýyrmak, aýnalary ýapmak we awtoulaglary agaçlaryň aşagyndan aýyrmak hakynda duýduryş edilipdir. 




"Berkararda ähli aýnalary ýapmak we gijeki nobata taýýarlanmak barada tabşyryk berildi" diýip, habarçymyz Aşgabadyň iň uly söwda merkezleriniň biriniň işgärlerine salgylanyp habar berdi. 


Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine berlen duýduryşlarda güýçli şemalyň iki günläp dowam etjegi, 18-nji ýanwarda güýçli ýagyşyň boljagy we şemalyň güýjüniň irden bir sekundda 35 metre ýetjegi aýdylypdyr.    


Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri, şol sanda döwlet telewideniýesi güýçli şemalyň boljagyny we Hazar deňzindäki tolkunlar barada habar bermeýär. 


Azatlygyň söhbetdeşleri paýtagta tarap barýan güýçli şemalyň Hazar deňzinden gelýändigini aýdýarlar.


"Hazarda örän güýçli tolkunlar döredi, Türkmenbaşydan tassykladylar. Azerbaýjandan bir gün öň adamlary burawlaýjy platformalardan göçürdiler" diýip, söhbetdeşimiz belledi.


17-nji ýanwarda Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleri Azerbaýjanda şemaldan ejir çekenleriň ýokdugyny habar berdiler. Trend agentligi, howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli, Azerbaýjanyň medisina edaralarynyň güýçlendirilen iş tertibine geçirilendigini habar berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus