Erdogan, ABŞ-nyň goşun çykarmasyndan soň, Siriýany kürt milisiýasyndan, YD-dan saplamagy wada berýär
"Gelýän aýlarda biz ÝPG (Kürt halk gorag birikmelerini) we Daýeşiň (“Yslam döwleti” topary) elementlerini Siriýanyň topragyndan süpürip taşlamaga gönükdirilen operasiýalary geçireris” diýip, Rejep Taýyp Erdogan 21-nji dekabrda aýtdy.
Erdogan 12-nji dekabrda Türkiýäniň Ýefrat derýasynyň gündogarynda, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän kürt jeňçilerine garşy täze harby hüjüme başlajakdygyny yglan edipdi.
Şu aralykda Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň galyndylary bilen söweşýän kürt güýçleri, eger öz gözegçilik edýän ýerlerine Türkiýe hüjüm etse, özleriniň front liniýasyndan çekilip, täzeden türk serhedinde ýerleşip biljekdiklerini aýtdylar.