Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar

Azerbaýjan türkmen tarapynyň Transhazar gaz geçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň çäginde energiýa resurslarynyň tranzitiniň guramaçylygyna degişli tekliplerine seretmäge taýýar.


Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň aýdandygyny Neftegaz.ru neşri 6-njy dekabrda habar berdi.


Maglumata görä, Halafow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen türkmen gazynyň Ýewropa akdyrmak mümkinçilikleri barada geçirýän gepleşiklerini kommentirläpdir. 


"Eger türkmen tarapy takyk teklipler bilen çykyş etse, Azerbaýjan bu ugurdan uly tejribeli ýurt hökmünde şeýle proýekte garamaga taýýar bolar. Azerbaýjanyň energiýa resurslaryny dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça uly mümkinçiliklere eýe we Azerbaýjanyň giňişliginden geçýän tranzit ýollardan peýdalanma isleýän goňşy, dostlukly ýurtlara öz mümkinçiliklerini bermäge mydama taýýar" diýip, neşir Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowy sitirledi. 




Neftegaz.ru neşri Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň 2018-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň kansleri bilen duşuşygynda Bakuwyň Hazar deňziniň gündogar böleginden gazy öz territoriýasynyň üstünden geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýarlyk bildirendigi bellemek bilen, Azerbaýjan tarapynyň bu proýekte gyzyklanma bildirendigini ýazýar.     


Şeýle-de, maglumatda Aliýewiň Transhazar gaz ýolunyň gurluşygynyň gazy tranzit edijileri däl-de, gazy üpjün ediji ýurtlary has gyzyklandyrmalydygyny, tranzit ýurtlaryň bu ýerde inisiator bolup çykyş etmeli däldigini aýdandygy habar berilýär. 




Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyna degişli mesele 22-nji noýabrda iki ýurduň prezidentleriniň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde hem gozgaldy. Türkmenistanyň prezidenti gepleşikleri yzýany bu barada eden çykyşynda, hususan-da, söwda-ykdysady we iri infrastruktura proýektleri boýunça gatnaşyklary agzady. 







1-nji noýabrda türkmen parlamenti Hazar deňziniň kanuny statusy baradaky konwensiýany makullady. 12-nji awgustda hazarýaka döwletleriniň gol çeken bu dokumenti  "Hazar deňziniň düýbünden suw asty kabelleri we turbalary çekmek" mümkinçiligini göz öňünde tutýar we türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Transhazar gazgeçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ýol açýar. 


Hazar deňzindäki dawaly gaz ýataklar sebäpli Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň aragatnaşyklary ençeme ýyllap dawaly boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus