Putin Tramp bilen Ukrain gapma-garşylygy hakynda gürleşendigini aýdýar
Putin 1-nji dekabrda, Argetinada geçirilýän 20-ler toparynyň sammiti mahalynda bolan gepleşikleriň jikme-jiklikleri hakynda kän zat aýtmady.
"Biz aýak üstünden gürleşdik. Men onuň gara deňizde bolan hadysa barada beren soraglaryna jogap berdim” diýip, Putiniň aýdan sözleri sitirlendi.
"Onuň öz pozisiýasy bar, meniň öz pozisiýam” diýip, Putin aýtdy we bu pikir alyşmadan soň hiç tarapyň pikiriniň üýtgemändigini sözüne goşdy.
Ak tam Tramp bilen Putiniň 20-ler toparynyň sammiti mahalynda, nahar wagtynda gürleşendiklerini tassyk etdi.