Iki gyzy üçin aliment tölemedik türkmenistanly rus aeroportunda saklandy
Moýgorod-onlaýn.ru neşiriniň maglumatyna görä, bergisi 30 müňe eten adamlar Orsýetden daşyna goýberilmeýär. Şu sebäpden ýurduna gitjek bolan türkmenistanly aeroportda saklandy.
Netijede ol gyssagly ýagdaýda aliment boýunça bergisini we ýene 35 müň rubl möçberinde tutum tölemeli boldy. Bergilerini tölän türkmenistanly ertesi gün öz ýurduna dolanmaga mümkinçilik aldy diýip, çuwaş häkimiýetleri habar berýär.