GRU-nyň başlygy “uzaga çeken agyr keselden” aradan çykdy
Orsýetiň Goranmak ministrligi Korobowyň ölümi boýunça başga detallary açmady. Ministrlik 62 ýaşyndaky Korobowy “ajaýyp adam, Orsýetiň wepaly ogly we öz ýurdunyň watançysy” diýip häsiýetlendirdi.
Günbatar GRU-ny gözdençykgynç hüjümler tapgyrynda günäledi. Britaniýa bu aňtaw gullugyny ozalky rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny Angliýanyň Salisbury şäherinde zäherlemek synanyşygynda aýyplady.
Niderlandlar bu gullugyň himiki ýaraglaryň global gözegçilik gurluşyny döwmäge synanyşandygyna ynanýar. ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri GRU-nyň 2016-njy ýyldaky amerikan prezident saýlawlaryny bozmak synanyşygyny edendigini öňe sürýär. Orsýet bu aýdylýanlary ret edýär.
Korobow, beýleki GRU ofiserleri bilen bilelikde, “Orsýetiň haýryna kiber howpsuzlygynyň aşagyny köwmek hereketleri üçin”, gadaganlyga salyndy.