Bolgariýanyň premýer-ministriniň orunbasary wezipesinden çekildi
Ol “maňa garşy dowamly alnyp barylýan media kampaniýasy... hökümetiň abraýyna ýaramaz täsir ýetirýär” diýen sözleri bilen, wezipesinden gidýändigini mälim etdi.
Premýer-ministr Boýko Borisowyň hökümetinde Semeonow ykdysadyýet we demografiýa pudaklaryna gözegçilik edýärdi.
Ol çykyşlarynyň birinde aktiwistleri özleriniň maýyp çagalary bilen “peýdalanýan” “ýürege düşgünç heleýler” diýip atlandyrypdy.
Simeonow bu baradaky bellikleri köpçülige aýan bolandan soň, ötünç sorap çykyş edipdi. Emma, muňa garamazdan protestler togtamady.
Oppozisiýadaky Sosialist we MRF partiýalary Simeonowyň wezipesinden çekilmegine we parlament mejlislerini boýkot etmäge çagyrypdylar.
Borisowyň edarasy premýer-ministriň onuň wezipesinden gitmek baradaky arzasyny kabul edendigini mälim etdi.