Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Donetskdäki separatistleriň täze lideri ‘Russiýa tarap ugruň dowam etdiriljekdigini’ aýtdy

Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň täze saýlanan lideri Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary gurjakdygyna söz berdi. Mundan öň, Kiýew we Günbatar bu sebite gurnalan ses berilişikleri ýazgarypdylar.


“Russiýa Federasiýasyna tarap ugur dowam etdiriler” diýip, Donetskdäki separatistleriň ýolbaşçysy Denis Puşilin saýlawlardan soň jemgyýetçiligiň öňünde eden ilkinji çykyşynda aýtdy.


“Bu diňe bir medeni ýa-da sosial integrasiýasy bilen çäklenmän, ol ykdysadyýeti hem göz öňünde tutýar” diýip, Puşilin belledi. Ol sözüni dowam etdirip: “Biz eýýäm Ukrainasyz ýaşamagy öwrendik” diýdi.


Kiýew we onuň halkara goldawçylary 11-nji noýabrda Donetskde we Luhanskda separatistleriň geçiren saýlawlarynyň sebitdäki konflikti bes  etmek tagallalaryna zarba urýandygyny duýdurypdylar. 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde häzire çenli 10 müň 300 töweregi adam heläk boldy.


Emma, Moskwa saýlawlaryň 2014-nji ýylyň sentýabrynda baglaşylan Minsk ylalaşygynyň şertlerini bozmaýandygyny öňe sürdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus