Sosial mediada Liwiýanyň harbylary tarapydan ýerleşdirilen wideo prezident Wladimir Putin bilen ýakyn şahsy gatnaşykda durýan we Orsýetiň iň gowy bilinýän hususy howpsuzlyk firmasyna eýeçilik edýän rus oligarhynyň 7-nji noýabrda Moskwada ýokary derejeli rus goranmak resmileri bilen Liwiýanyň harby delegasiýasynyň arasynda geçirilen duşuşyga gatnaşandygyny görkezýär.
“Novaya Gazeta” 9-njy noýabrda oligarh Ýewgeniý Prigožiniň – Ukrainada, Siriýada we Afrikada hakyna tutulan söwejijiler bilen ilteşikli “Vagner” hususy howpsuzlyk firmasy bilen bagly şahsyň Liwiýanyň goşun başlygy bilen Orsýetiň goranmak ministriniň arasynda geçirilen duşuşyklara gatnaşandygyny habar berdi.
Bu duşuşyga Sergeý Şobhu bilen baş ştabyň ýolbaşçysy Waleriý Gerasimow hem gatnaşdy.
Orsýetiň bu duşuşyk barada biraz öň çap eden habarynda Prigožiniň oňa gatnaşandygy agzalmaýar.
Rus hökümeti bu wideo babatynda hiç bir resmi düşündiriş bermedi.
Emma muňa garamazdan, Interfax we RIA Novosti habar gulluklary 10-njy noýabrda ady aýdylmadyk “harby we diplomat çeşmelerine” salgylanyp, bu wideonyň asyl nusgadygyny tassyklady we Prigožiniň bu çärä özüniň restoran, nahar hyzmatlary boýunça gatnaşandygyny öňe sürdi.