Italiýa pakistanly hristian aýala Günbatardan howpsuz ýer gözleýär
"Biz beýleki günbatar ýurtlary bilen bile işleýäris. Biz bu işi oýlanyşykly we seresaplylyk bilen amala aşyrmaly” diýip, Italiýanyň içeri işler ministri Matteo Salwini 6-njy noýabrda italiýan radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
"Biz janyna howp abanýan aýallaryň we çagalaryň biziň öz ýurdumyzda ýa başga bir günbatar ýurdunda howp-hatarsyz gelejege eýe bolmagyny isleýäris, onsoň biz muny kepillendirmek üçin adamyň älinden geljek ähli zady ederis” diýip, ol aýtdy.
Asia Bibi geçen hepde Pakistanyň Ýokary sudy tarapyndan küpür geplemek aýyplamasyndan aklandy, emma bu karar berk liniýaly yslamçy toparlaryň üç günläp protest bildirip, onuň we aklaw kararyny çykaran sudýalaryň ölüme höküm edilmegini talap etdiler.
Häkimiýetler Pakistanyň uly şäherlerinde ýollaryň baglanmagyna getiren protestler mahalynda zorlukly hereketlere ýüz uran ýüzlerçe adamy tussag etdiler.
Bikanun emigrasiýa garşy berk liniýa eýerýän populist syýsatçy bolan Salwini Biriniň düşen aýgdaýy üçin Pakistanyň hökümetini günäkärlemeýänidigini, “duşmanyň zorluk, ekstremizm we yňdarmalyk bolup durýandygyny”aýtdy.