ABŞ bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki kiçi göwrümli harby türgenleşikleri başlady. Bu ABŞ-yň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň resmileri bilen Nýu-Ýorkda planlaşdyrylan duşuşygyndan birnäçe gün öň bolup geçýär.
Bu ozal planlaşdyrylan has uly harby-türgenleşikleriň bir bölegidir. Iýun aýynda prezident Donald Tramp Singapurda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren sammitinden soň, ABŞ-Günorta Koreýa bilelikdäki harby türgenleşikleriniň geçirilmejekdigini söz beripdi.
Iki ýurduň arasyndaky giň göwrümli harby türgenleşikler togtadylsa-da, Waşington bilen Seul özara kiçi gerimli manýowrlary gurnaýarlar.
Häzirki türgenleşiklere ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň 500-e golaý harby-deňiz güýçleri gatnaşýar.
Bu aralykda, Günorta Koreýanyň goranmak ministri 2019-njy ýylda uly gerimli harby türgenleşikleriň geçirilip-geçirilmezligi baradaky kararyň şu ýylyň aýagyna çenli belli ediljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo öňümizdäki günlerde özüniň demirgazyk koreýaly kärdeşi Kim Jon Çol bilen duşuşyp, Phenýanyň denuklerizasiýa planlarynyň we iki ýurduň liderleriniň nobatdaky sammitini geçirmek mümkinçilikleriniň maslahat ediljekdigini aýtdy.