Türkmen DIM-inde owgan resmileri bilen TOPH maslahatlaşyldy
Maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, TOPH gaz geçiriji proýekti we “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyry Kerki-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) demir ýoluny ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sammitinde eden çykyşynda Owganystana TOPH proýektini gurmaga ýardam bermäge çagyrypdy.
Şol bir wagtda, halkara ekspertleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň bu proýektiň amala aşmagyna päsgel berýändigine ünsi çekýärler.