BMG Ýemeniň golaýynda ele salnan ýaraglaryň nireden ugradylandygyny anyklaýar
ABŞ resmileri Eýranyň Ýemeniň hökümetine garşy söweşýän huthi jeňçilerini ýaraglar bilen üpjün edýändigi baradaky çaklamalary anyklamak üçin, BMG-niň derňewçilerini çagyrandyklaryny mälim etdiler.
Eýran Ýemende hökümete garşy dört ýyl bäri söweşýän şaýylaryň huthi jeňçilerini ýarag bilen üpjün edendigi baradaky aýyplamalary ret edip gelýär.