Bolgar telewizion žurnalisti Wiktoriýa Marinowanyň ölümi bilen baglykda güman edilip, üçünji adam tussag astyna alyndy diýip, bolgr mediasy habar berýär.
Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borissowyň 10-njy oktýabr güni irden metbugat ýygnagyny geçirip, tussag edileniň detallaryny tassyklamagyna garaşylýar diýip, DW.com habar berdi.
20 bilen 30 ýaşyň arasyndaky bolgar erkegi diýip suratlandyrylan adam, metbugat maglumatlartyna görä, Germaniýada saklandy.
Aýdylmagyna görä, ol Bolgariýadan 7-nji oktýabrda Germaniýa, ejesiniň ýaşaýan ýerinegidipdir.
Marinowanyň derňew programmasyny alyp baran ýeri bolan TVN telewision stansiýasy täze saklanan adamyň žurnalisti tanamandygyny aýdýar. TVN telewision stansiýasy soňky wagtlarda hökümet korrupsiýasynyň derňewleri hakynda köp gepleşik taýýarlapdy.
Beýleki bir bolgar telekanaly, bTV polisiýanyň saklanan adamyň kwartirasyndan žurnalistiň mobil telefonyny tapandygyny öňe sürdi.