Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýük ulaglaryň türkmen serhedinden geçip bilmezligi Täjigistanyň alýuminiý önümçiligine täsir ýetirýär

Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde Täjigistanyň alýuminiý öndüriji TALKO döwlet kärhanasynyň ýüklerini daşaýan ulaglar geçip bilmän galýar.


29-njy sentýabrda Täjigistanyň transport kompaniýasyndaky çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, bir aýa golaý wagt bäri TALKO atly döwlet kärhanasy öz ýüklerini Türkmenistanyň territoriýasyndan geçirmek mümkinçiliginden doly mahrum bolupdyr. 


Häzirki wagtda TALKO kompaniýasynyň ýolbaşçylary öz önümleriniň eksporty we alýuminiý önümçiligi üçin zerur çig-malyň importy üçin alternatiw ýollaryň gözleginde hereket edýärler. 


"Maňa mälim bolşuna görä, TALKO Azerbaýjandan Täjigistana boksiti Gazagystanyň Hazar deňzindäki portlarynyň birinden geçirmek boýunça gepleşik geçirýär" diýip, çeşme aýtdy.




Boksit aluminiý önümçiligi üçin esasy magdan we möhüm senagat serişdesi hasaplanýar.


Şeýle-de, TALKO öz önümçiligi üçin Türkmenistanyň özünden nebit koksyny satyn alýar.  


"Täjigistanyň alýuminiý kompaniýasy" atly döwlet kärhanasynyň özünde bu dörän ýagdaýy häzirlikçe kommentirlemeýärler. 


Şol bir wagtyň özünde-de GDA guramasynyň ýollar boýunça hökümetara geňeşiniň müdirliginiň başlygy Buri Karimowyň 29-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň serhetlerinde ýük ulaglaryň geçip bilmän galmagyna degişli mesele ýakyn günlerde Daşkentde geçirilen konferensiýada gozgalypdyr. Onuň sözlerine görä, bu problema barada Täjigistanyň we Türkiýäniň wekilleri çykyş edipdir.  




Bu konferensiýanyň yzýany Türkmenistanyň häkimiýetleri Täjigistana ýük alyp barýan türkiýeli ulaglaryň serhetden geçmegine rugsat beripdir, emma Täjigistanyň transport kompaniýalarynyň eýeçiligindäki ulaglar serhet geçelgelerinde heniz saklanyp galýarlar.


Mundan öň Täjigistanyň Transport ministrligi ýük ulaglaryň sürüjilerine alternatiw marşrutlardan peýdalanmagy maslahat berip, başda Bakuwa baryp, soň Hazar deňziniň üstünden Gazagystanyň Aktaudaky portyna we yzýany Gazagystanyň hem Özbegistanyň territoriýasyndan geçip, Täjigistana aşmagy maslahat beripdi. 


Transport ministrligindäki çeşme Täjigistanyň hökümetiniň Azerbaýjandan öz ýükleriniň tranziti üçin salgytlary peseltmegi sorandygyny mälim etdi.  




Türkmen serhetçileri awgust aýynyň aýagyndan bäri Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna salmaýarlar. Türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň sürüjileri özleriniň Türkmenistanyň giňişligine goýberilmezliginiň sebäplerini bilmeýändigini aýdýarlar.


2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan iki sany sürüji özleriniň Lýutfabad-Artyk geçelgesinde bir hepdeden gowrak wagt bäri galýandygyny gürrüň berdiler.


"Bize sebäplerini aýtmaýarlar. Biz Türkiýeden ýük daşaýarys - bu ýurtdan ýolumyz Eýrany kesip geçýär, soň Türkmenistany, ol ýerden bolsa Özbegistanyň üstünden Täjigistana aşýarys" diýip, sürüjileriň biri aýtdy.




Azatlyk Radiosyna jaň eden sürüjiler türkmen-eýran serhedindäki beýleki geçelgelerde-de şuňa meňzeş ýagdaýyň dowam edýändigini aýtdylar. "Sarahs serhet geçelgesinde Täjigistanyň Türkiýeden satyn alan ýolagçy awtobuslary hem dur. Olary hem geçirmediler" diýip, sürüjileriň biri aýtdy.


Yzýany resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit bilen Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Bu barada türkmen tarapynyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine ugradan resmi hatynda aýdylýar. Bu düşündirişiň nämäni aňladýandygyny henize çenli nämälim galýar.


Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus