TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabrdaBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýandygyny bir gün öňünden habar berdi.
Neşiriň bellemgine görä, Türkmenistanyň“wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň çäklerinde duşuşyklar meýilleşdirildi”.
Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro bolan 156 taslama hasaba alyndy.
Orsýetde çap edilýän “Nezawisimaýa gazeta” bu sapar bilen bagly çap eden makalasynda ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini ýatlatdy we türkmen prezidentiniň Waşington üçin “gyzykly teklip” taýýarlap, ABŞ-dan inwestisiýa almakçy bolýandygyny öňe sürdi.