Lawrow Norwegiýany rus resmisini tussag edendigi üçin tankytlady
Lawrow rus raýatyna bildirilýän içalylyk aýyplamalaryny ‘propoganda’ atlandyryp, ‘biz raýatymyzyň ykbalyny bilmek isleýäris’ diýip, belledi.
Mihaýil Boçkarew 21-nji sentýabrda Ýewropa parlamentleriniň administrasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilen sammite gatnaşan döwri tussag edilipdi.
Moskwa oňa bildirilýän içalylyk aýyplamalaryny ret edip, onuň azat edilmegini talap etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi Boçkarewiň tussag edilmegine protest bildirip, Norwegiýanyň Moskwadaky ilçisini soraga çagyrdy.
Norwegiýanyň premýer-ministri bu hadysanyň syýasy matlaply däldigini aýtdy.