Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny jemgyýetçilik ýerlerinde ýygnanyşmak düzgünlerini bozandygy üçin höküm edilen 30 gün türme tussaglygyndan çykyp barýan pursady, ýene-de şol bir aýyplamalar esasynda ýaňadandan tussag edildi.
Nawalny duşenbe güni ir bilen tussaghanadan çykan mahaly Moskwanyň polisiýa edarasyna äkidildi. Bu barada Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş maglumat berdi.
Ýarmyş Nawalna 20 güne çenli türme tussaglygynyň berilmeginiň mümkindigini hem belledi.
Mundan bir aý ozal, Nawalny ýanwar aýynda Wladimir Putiniň gaýtadan prezident saýlanmagyna garşy, resmileriň garşylygyna garamazdan, Moskwada protestleri gurnandygy üçin 30 gün türme tussaglygyna höküm edilipdi.