Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglandy.
Medaly Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gowşurdy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl bu medal Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe hem gowşurylypdy. Resmi maglumata görä, prezidentiň atasy bu medala watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, beýik watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin berlipdir.
Şol bir wagtda, bu medalyň Gurbanguly Berdimuhamedowa berilmeginiň sebäpleri we kesgitlemesi aýdyňlaşdyrylmady.
Mundanam başga, rus ilçisi türkmen prezidentine Berdimuhamet Annaýewiň gullugyna dahylly Russiýanyň harby arhiwlerinden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary gowşurdy.