ABŞ we BMG günorta-gündogar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy
"Birleşen Ştatlar terror hereketleriniň ählisini we bigünä adamlaryň islendik öldürilmegini ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsiHizer Naert (Heather Nauert) 22-nji sentýabrda aýtdy.
“Biz eýran halky bilen radikal yslam terrorçylygynyň betbagtlyklaryna garşy bile durýärys we bu gynançly pursatda olara öz duýgudaşlygymyzy bildirýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýranyň resmi IRNA habar gullugynyň “habarly çeşmelere” salgylanyp aýtmagyna görä, harby lybaslary geýen ýaragly adamlar günorta-günbatardaky Ahwaz şäherinde ýurduň 1980-88-nji ýyllarda Yrak bilen bolan urşunyň başlanan gününde geçirýän ýyllyk parady mahalynda eýran resmileriniň duran münberini oka tutdy.
IRNA-nyň ýazmagyna görä, ölenleriň arasynda asuda adamlar, çagalar we aýallar-da bar.