Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Akademik Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Türkmen Döwlet habarlar gullugy prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda prezident, şol bir wagtdaTYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory diýip tanadylýan Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 


Şol günüň özündeMukamlar köşgünde we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor” Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. 


TDH-nyň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň bu eseriniň birinji kitaby golaýda, Türkmenistanda iş alyp barýan fransiýaly iş adamlarynyň tagallasy bilen, fransuz dilinde hem çapdan çykdy. 


TDH Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ikinji bölümini ýazmaga ýakynda, tomusky dynç alyşlygy wagtynda başlandygyny habar berdi.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň TDH salgylanyp ýazmagyna görä, bu Berdimuhamedowyň iň kän wagyz edilen we iň gysga wagtda ýazylan – 2 aý 10 gün içinde çapdan çykarylan kitaby bolup durýar.


G.Berdimuhamedow bu iki kitabyndan öň hem kyrkdan gowrak kitap ýazdy we, TDH-nyň maglumatlarynda görä, ussat çapyksuwar, sazanda we aýdymçy, ussat maşyn sürüji, ok atyjy, pyçak zyňyjy hökmünde hem ykrar edilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus