Ýemende 5 milliondan gowrak çaga açlyk howpy abanýar
"Bu urşuň ýemen çagalarynyň tutuş bir neslini öldürmek ähtimallygy bar, olar bombalardan, açlykdan başlap, mergi ýaly öňüni alyp boljak keselleriň döredýän bir topar how-hataryna duçar bolýar” diýip, sahawatlylyk guramasynyň başlygy Helle Thorning-Schmidt 19-njy sentýabrda aýtdy.
Ýemendäki konflikt 2015-nji ýylda, Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy huti pitneçileri ýurduň günbatarynda köp ýeri basyp alanyndan soň möwjäp galdy. Saud-Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa halkara çäginde ykrar edilen hökümeti, prezident Abd-Rabbu Mansur Hadiniň hökümetini dikeltmäge çalyşýar.