Günorta we Demirgazyk Koreýanyň liderleri ýarymadany ýadro ýaraglaryndan saplamak wadasyny berýär
18-nji sentýabrda Phenýanda geçirilen metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un özüniň ýakyn geljekde Günorta Koreýa sapar etjekdigini aýtdy.
Eger bu başa barsa, bu Demirgazyk Koreýanyň lidreriniň ýarymada ençeme onýyllyk öň iki bölüneli bäri, şunuň ýaly birinji sapary bolar.
Günorta Koreýanyň lideri Moon Jae-in bolsa žurnalistlere Kim bilen özüniň raketa motorlarynyň synag edilýän ýerini sökmek we inspektorlaryň gelip görmeklerine ýol açmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Bu Moon bilen Kimiň arasynda şu ýylda bolan üçünji duşuşykdyr. Biraz öň iki ýurduň goranmak ministrleri duşuşyp, ýarymadadaky dartgynlyklary azaltmaga gönükdirilen harby ylalaşyga gol çekdiler.