Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pakistanyň öňki premýer-ministri Şarif wagtlaýyn türmeden boşadyldy

Pakistanyň tussaglykdaky öňki premýer-ministri Nawaz Şarif we onuň gyzy bilen körekeni Şarifiň aýalynyň jaýlanyş çäresi üçin wagtlaýyn türmeden boşadyldy diýlip, Pakistanyň media maglumatlarynda habar berilýär.


Olar 12-nji sentýabrda Pakistanyň türme düzgünlerine laýyklykda 12 sagatlyk tussaglykdan boşadyldy, ýöne bu wagt möhleti uzaldyljaga meňzeýär.


Begum Kulsum Nawaz bir ýyldan gowrak wagt bäri rak keselinden ejir çekýärdi. Ol 11-nji sentýabrda, 68 ýaşynda Londonyň keselhanasynda aradan çykdy.


Pakistanda premýer-ministr wezipesini üç möhlet ýerine ýetiren Şarif iýul aýynyň başynda korrupsiýa aýyplamalarynda höküm edilmeginiň yz ýany, 10 ýyl türme tussaglygyny berjaý edýärdi. Şarifiň gyzy Marýam Nawaz ýedi ýyl, onuň adamysy Muhammad Safdar bir ýyl  türme tussaglygyna höküm edilipdi.


Nawaz Şarif we onuň maşgalasy özlerine garşy ýöňkelen aýyplamalaryň we çykarylan hökümleriň syýasy matlaplydygyny aýdýar.


Pakistanyň media serişdeleri Kulsum Nawazyň jaýlanyş çäresiniň 14-nji sentýabrda Lahor şäherinde geçiriljekdigini habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus