Yragyň port şäheri, birnäçe gün bäri käte zorluga baryp ýetýän protestlerden çaýkanýan Basranyň howpsuzlyk resmileri 8-nji sentýabrda şäher aeroportuna üç raketanyň atylandygyny aýdýarlar.
Bu hadysada pida bolan ýok, aeroportuň işi hem bökdençlige uçramady. Yragyň Saglyk ministrligi şu gün agyz suwunyň hapalanmagyndan kesellän adamlar sebäpli 30 müň çemesi ýaşaýjynyň gatnaşmagynda başlan Basra protestlerinde 12 adamyň öldürilendigini aýtdy.
Ministrlik protestler mahalynda 50 adamyň ýaraly bolandygyny, olaryň 48-siniň asuda ilata degişlidigini, 2-siniň polisiýa işgäridigini habar berdi.
Protestçiler 7-nji sentýabrda Eýranyň konsullygyny oda berdiler, olar Eýrany Yragyň içerki işlerinde aşa täsirli bolmakda aýyplaýarlar. Eýran hökümeti bu hüjümi ýazgardy.