Demirgazyk Koreýa 70 ýyllygyny belledi, ýöne harby paradda ballistik raketalaryny güjeňlemedi
Lider Kim Jong Un 9-njy sentýabrda paýtagt Phenýandaky tribunadan paradda geçirilen goşunlara, toplara we tanklara syn etdi diýip, habar serişdeleri habar berýär.
Kim mähellä ýüzlenip söz sözlemedi, ýogsa olaryň içinde Demirgazyk Koreýa bilen dostlukly gatnaşykda bolan ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň we Orsýetiň hem ýokary derejeli delegasiýalary bar.
Başha bu çärä Hytaýyň prezidenti Si Jinping hem gatnaşmakçy diýen maglumatlar çykdy, emma Pekin oňa derek parlament başlygyny iberdi. Orsýete rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri we prezident Wladimir Putiniň ygrarlysy Walentina Matwiýenko wekilçilik etdi.