Ukraina Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna girýän döwletlerdäki wekilçilik edaralaryny ýapýar.
GDA esasan öňki sowet respublikalaryndan düzülen guramadyr.
GDA guramasynyň ýerine ýetiriji sekretary 28-nji awgustda eden çykyşynda şu aýyň başynda Ukrainanyň wekilçilik edaralarynyň ýapylandygyny, guramanyň Ukraina bilen häzirki gatnaşyklarynyň Minskdäki ukrain ilçihanasynyň üsti bilen saklanyp galýandygyny mälim etdi.
“Men, şonda-da, Ukraina guramadaky barlygyny saklap galmaga dowam eder diýip umyt edýärin” diýip, Lebedow aýtdy.
Şu ýylyň başynda prezident Poroşenko Kiýewiň wekilleriniň GDA-nyň düzümlerinden çekilmegi barada karara gol çekdi. Ol guramany “Ukrainadaky rus agresiýasyny denonsirlemezlikde tankytlap”, guramadan çekilmek baradaky meýillerini mälim etdi.
Orsýet 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa etdi, şeýle-de ol gündogar Ukrainada turan uruşda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri separatistleri goldap gelýär.
Ukrainanyň öňki orsýetçi prezidenti Wiktor Ýanukowiç köpçülikleýin köçe protestlerinden soň 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýurtdan gaçyp çykdy. Onuň yzýany ýurduň prezidentlik wezipesine saýlanan Poroşenko Ukrainanyň öz geljegini Orsýetde däl Ýewropada görýändigini gaýtalap aýdyp geldi.
Ukraina 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen döredilen GDA guramasynyň assosirlenen agzasydy.
Orsýet we öňki sowet respublikalary bolan Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan we Özbegistan bu guramanyň hemişelik agzalarydyr.