Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan prezidenti howpsuzlyk resmileriniň işden çekilmek baradaky arzalaryny yzyna gaýtardy

Owgan prezidenti Aşraf Gani ýurduň milli howpsuzlyk geňeşçisi işden çekilip, ýerine başga adam bellenenden soň, öz kabinetiniň üç sany uly howpsuzlyk resmisiniň işden çekilmek barada beren arzasyny yzyna gaýtardy  diýip, onuň edarasy aýtdy. 


26-njy awgustdaky beýanatda Ganiniň goranmak ministri Raik Şah Bahrami, içeri işler ministri Wais Barmak, milli howpsuzlyk müdiriýetiniň başlygy Masoom Stanekzai dagydan öz wezipelerinde galmaklaryny we “howpsuzlyk ýagdaýyny gowulaşdyrmak ugrunda işlemeklerini” sorandygy aýdylýar.


Ganiniň sözçüsi 25-nji awgustda AÝ/AR-nyň soragyna jogap berip, prezidentiň öz milli howpsuzlyk geňeşçisi Mohammad Hanif Atmaryň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendigini we onuň ýerine ozal ABŞ-da ilçi bolan Hamdullah Mohibi belländigini tassyk etdi.


Şondan birnaçe sagat soň metbugatda Bahrami, Barmak we Stanekzai dagynyň hem işden çekilendigi barada habar berildi.


"Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, bu resmiler özleriniň beýle karara gelmekleriniň sebäbini howpsuzlyk ýagdaýy barada hökümetden başgaça pikirlenýändikleri bilen düşündiripdirler. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus