Rus oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny Moskwada tussag edildi
Ýarmiş Nawalnynyň ýerli polisiýa stansiýasyna alnyp gidilendigini, onuň mobil telefonynyň polisiýa tarapyndan elinden alnandygyny aýtdy.
Ol biraz soň bu tussaglygyň 28-nji ýanwarda Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynyň boýkot edilmegine goldaw bermek üçin geçirilen protestler bilen baglanyşykly bolup görünýändigini aýtdy.
Şonda ýurt boýunça geçirilen protestler mahalynda Nawalny bilen bilelikde 250-den gowrak adam tussag edilipdi.
Ýarmişiň twitterde ýazmagyna görä, Nawalnynyň 27-nji awgustda sud diňlenişigine çykarylmagyna garaşylýar.